MESIHÇILERIŇ DURMUŞY
Isa seniň doganyň üçin hem öldi
Isa günäli adamlar üçin öz janyny gurban berdi (Rm 5:8). Şol sebäpli her birimiz Isanyň biz üçin janyny berip, söýgüsini bildirendigine örän minnetdar. Muňa garamazdan, biz Mesihiň dogan-uýalarymyz üçin hem ölendigini hemişe özümize ýatladyp durmaly. Biz özümiz ýaly bikämil dogan-uýalary Isanyň söýşi ýaly nädip söýüp bileris? Munuň üç usuly bar. Birinjiden, biz has köpräk dogan-uýalar bilen, hatda milleti, medeniýeti tapawutlansa-da, dostlaşyp bileris (Rm 15:7; 2Kr 6:12, 13). Ikinjiden, biz sözümiz we hereketimiz bilen başgalaryň göwnüne degmez ýaly ünsli bolup bileris (Rm 14:13—15). Üçünjiden, biri biziň göwnümize degse, ony derrew bagyşlap bileris (Lk 17:3, 4; 23:34). Biz şu üç usul bilen Isanyň göreldesine eýermek üçin elimizde baryny etsek, Ýehowa mundan beýläk-de, ýygnagymyza parahatlyk we agzybirlik berip patalar.
«HASAM OWADAN BOLUŇ!» DIÝEN WIDEONY GÖRÜP, ŞU SORAGLARA JOGAP BERIŇ:
-
Miki başda öz ýygnagy barada nähili pikirdedi?
-
Onuň garaýşynyň üýtgemegine näme sebäp boldy?
-
Isanyň göreldesi Miki uýa garaýşyny üýtgetmäge nädip kömek etdi? (Mr 14:38).
-
Süleýmanyň tymsallary 19:11-däki maslahat imandaşlarymyza dogry garaýyşda bolmaga nädip kömek edýär?