MESIHÇILERIŇ DURMUŞY
Lutuň aýalyny ýada salyň
Lutuň aýaly Sodomdan gaçyp barýarka, näme üçin yzyna seredýär? Mukaddes Ýazgylarda bu barada aýdylmaýar (Gelç 19:17, 26). Isanyň sözlerinden görnüşi ýaly, Lutuň aýaly yzynda galdyran zatlaryna gynanan bolmaly (Lk 17:31, 32). Hudaýy närazy eden Lutuň aýalyna meňzemez ýaly, biz näme edip bileris? Biz baýlyga kowalaşmagyň durmuşymyzda wajyp bolmagyna ýol bermeli däl (Mt 6:33). Isa «Hudaýyň hem baýlygyň guly bolup bilmejekdigimiz» barada öwretdi (Mt 6:24). Eger-de biz maddy zatlaryň ruhy işlerden ünsümizi sowýandygyny duýsak, näme etmeli? Biz nähili özgerişik etmelidigini biler ýaly, Ýehowadan akyldarlyk soramaly we hereket etmek üçin batyrgaýlyk hem-de güýç bermegini dilemeli.
«LUTUŇ AÝALYNY ÝADA SALYŇ» ATLY FILMIŇ III BÖLÜMINI GÖRÜP, AŞAKDAKY SORAGLARA JOGAP BERIŇ:
-
Gloriýanyň köp pul gazanmak höwesi pikirlenişine, gepleýşine we özüni alyp barşyna nähili täsir etdi?
-
Lutuň aýalynyň mysalyndan näme öwrenip bileris?
-
Mukaddes Ýazgylaryň prinsipleri Joý bilen maşgalasyna nädip kömek etdi?
-
Annanyň işdeşleri bilen gatnaşmagy ruhy taýdan nähili täsir etdi?
-
Köpräk pul gazanmaga höweslendirseler, näme üçin batyrgaý bolmaly?
-
Braýn bilen Gloriýa ruhy işleri ýene-de nädip birinji orunda goýdular?
-
Siz bu filmde Mukaddes Ýazgylaryň haýsy prinsiplerine üns berdiňiz?