MESIHÇILERIŇ DURMUŞY
Ýaşlar, «ýagşy işlere yhlasly» boluň
Pawlus resul Titusa ýazan hatynda ýaş doganlary, şol sanda Titusyň özüni hem «ähli ýagdaýlarda ýagşy işleri edip, görelde görkezmäge» höweslendirdi (Tit 2:6, 7). Soňra şol bapda Pawlus «ýagşy işlere yhlasly» bolmaklary üçin, Mesihiň Ýehowanyň halkyny arassalandygyny belläp geçýär (Tit 2:14). Ýagşy işleri etmegiň bir usuly, adamlara hoş habary wagyz etmek we Hudaýyň patyşalygy barada öwretmek. Eger sen ýaş bolsaň, kömekçi pioner ýa-da pioner gullugyna başlap bilermiň? (Sült 20:29).
Eger sen eýýäm pioner bolmagy maksat edinen bolsaň, onda oňa ýetmek üçin gerekli özgerişleri et (Lk 14:28—30).) Meselem, uzak wagtly gulluk etseň özüňi ekläp bilersiňmi? Sagat sanyny dolup bilersiňmi? Ýehowa ýagdaýyň barada gyzgyn doga et (Zb 37:5) Maksadyň hakda ene-ataň we ökde pionerler bilen gürrüňdeş bol. Soňra maksadyňa ýetmek üçin gerekli ädimleri ät. Köpräk gulluk etmek üçin edýän tagallaňy Ýehowa hökman patalar!
«ÝEHOWANY ŞÖHRATLANDYRÝAN ÝAŞLAR» DIÝEN WIDEONY GÖRÜP, ŞU SORAGLARA JOGAP BERIŇ:
-
Käbir ýaşlar pioner bolmak babatda nämäni alada edýärdi we olar muny nädip ýeňdiler?
-
Ene-atalar çagalaryna pioner gullugyna başlamaga nädip kömek edip biler?
-
Gowy gün tertibini düzmek näme üçin örän wajyp?
-
Dogan-uýalar ýaşlary pioner bolmaga nädip höweslendirip biler we olara maksadyna ýetmäge nädip kömek edip biler?
-
Pioner gullugyna başlan dogan-uýalar nähili bereketleri alýar?