Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | TITUS 1—FILIMUN

«Ýygnak ýaşululary nädip bellenilýär?»

«Ýygnak ýaşululary nädip bellenilýär?»

Tit 1:5—9

Pawlus resul Titusa «her şäherde ýaşululary bellemegi» tabşyrdy. Şu günler hem etrap gözegçileri ýygnaklary idände, şol düzgüne eýerýär.

ÝOLBAŞÇYLYK MASLAHATY

Ýolbaşçylyk maslahaty I asyrdaky doganlaryň göreldesine eýerip, etrap gözegçilerine ýygnakda ýaşululary we hyzmatçylary bellemek jogapkärçiligini ynandy.

ETRAP GÖZEGÇILERI

Etrap gözegçisi teklip edilýän her bir doganyň talaplara laýyk gelýändigine örän dykgatly we doga edip seretmeli, soňra talaba laýyk gelýän bolsa, ony bellemeli.

ÝYGNAK ÝAŞULULARY

Hatda doganlar ýaşuly bellenenden soň hem Mukaddes Ýazgylardaky talaplara laýyk gelmegini dowam etmeli.