MESIHÇILERIŇ DURMUŞY
Ýehowany söýýän adamlar bilen gatnaşyň
Biz wagtymyzy näme üçin Ýehowany söýýän adamlar bilen geçirmeli? Sebäbi gatnaşýan adamlarymyz bize gowy ýa-da erbet täsir edýär (Sült 13:20). Meselem, Ýowaş patyşa baş ruhany Ýehoýada bilen gatnaşan mahaly Ýehowanyň «nazarynda dogry işleri edýärdi» (2Ýlz 24:2). Ýehoýada aradan çykanda, Ýowaş erbetler bilen gatnaşyp başlaýar. Netijede, ol Ýehowadan ýüz öwürýär (2Ýlz 24:17—19).
B. e. I asyrynda Pawlus resul mesihçiler ýygnagyny «uly jaýa», onuň agzalaryny bolsa her dürli «gaplara» ýa-da öý goşlaryna meňzetdi. Hatda maşgala agzalarymyzyň ýa-da dogan-uýalaryň biri Ýehowanyň halamaýan işlerini edýän bolsa, onda onuň bilen gatnaşyk etmekden gaça dursak, «peýdaly gural bolarys» (2Tm 2:20, 21). Şol sebäpli Ýehowany söýýän we bizi oňa gulluk etmäge höweslendirýän adamlar bilen gatnaşmagymyzy dowam etmeli.
«ERBETLER BILEN GATNAŞMA» DIÝEN WIDEONY GÖRÜP, ŞU SORAGLARA JOGAP BERIŇ:
-
Erbetler bilen nädip duýdansyz gatnaşyp başlamagymyz mümkin?
-
Wideodaky uýa we iki dogana erbetler bilen gatnaşygyny goýmaga näme kömek etdi?
-
Gatnaşýan adamlaryňy paýhasly saýlamaga saňa haýsy prinsipler kömek eder?