Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR

«Ynha men, iber meni!»

«Ynha men, iber meni!»

Biz Işaýa pygamberiň yhlasly gullugyndan görelde almaly. Ol käbir zatlara düşünmese-de, kömek gerek ýere gitmäge derrew seslenip, iman edýändigini görkezdi (Iş 6:8). Siz wagyzçylaryň ýetmeýän ýerinde gulluk etmek üçin käbir özgerişlikleri edip bilersiňizmi? (Zeb. 110:3). Elbetde, bir ýere göçmek üçin «çykdajylary hasaplamaly» bolar (Lk 14:27, 28). Ýöne wagyz etmek üçin käbir zatlardan geçmäge-de taýyn bolmaly (Mt 8:20; Mr 10:28—30). «Kömek gerek ýere göçüň» diýen wideodan görnüşi ýaly, Ýehowa gulluk etmek üçin geçen zatlarymyzdan alýan bereketlerimiz has-da köpdür.

WIDEONY GÖRENIŇIZDEN SOŇ, ŞU SORAGLARA JOGAP BERIŇ:

  • Ekwadorda gulluk etmek üçin Wilýamslaryň maşgalasynyň her biri nämelerden geçdiler?

  • Olar gulluk etjek ýerini saýlanda nämeleri göz öňünde tutdular?

  • Olar nähili bereketleri aldylar?

  • Siz kömek gerek ýerde gulluk etmek üçin köpräk maglumaty nireden tapyp bilersiňiz?

MAŞGALA OKUWYNDA ŞU SORAGLARA SEREDIŇ:

  • Biz maşgalamyz bilen nädip köpräk gulluk edip bileris? (km 8/11 sah. 4—6)

  • Kömek gerek ýerde gulluk edip bilmesek-de, öz ýygnagymyza nädip kömek edip bileris? (w16.03 sah. 23—25)