Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | IŞAÝA 11—16

Ýer ýüzi Ýehowa baradaky bilimden dolar

Ýer ýüzi Ýehowa baradaky bilimden dolar

Şu pygamberlik ysraýyllylarda nädip ýerine ýetdi?

  • Ysraýyllylar Wawilon ýesirliginden öýlerine dolananda ýolda-da, dikeldilen ýurtda-da ýyrtyjy haýwanlardan ýa-da özüni ýyrtyjy haýwan ýaly alyp barýan zalym adamlardan gorkmaly däldiler (Ez 8:21, 22).

Şu pygamberlik biziň günlerimizde nädip ýerine ýetýär?

  • Ýehowa baradaky bilim adama häsiýetlerini özgertmäge kömek edýär. Öň rehimsiz bolan adam hem mähirli bolýar. Hudaý baradaky bilim bütin dünýäde «ruhy jenneti» döredýär.

Şu pygamberlik gelejekde nädip ýerine ýeter?

  • Hudaýyň niýetine görä, bütin ýer ýüzi jennete öwrüler we adamlar parahatlykda ýaşar. Şonda adamlara-da, haýwanlara-da hiç hili howp abanmaz.

Hudaý baradaky bilim Pawlusy hem özgertdi

  • Ol fariseý wagty özüni ýyrtyjy haýwan ýaly alyp barýardy (1Tm 1:13).

  • Hudaý baradaky dogry bilim onuň häsiýetlerini üýtgedýär (Kl 3:8—10).