Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

MESIHÇILERIŇ DURMUŞY

Hudaýyň bilimi tarapgöýlikden üstün çykýar

Hudaýyň bilimi tarapgöýlikden üstün çykýar

Ýehowa tarapgöýlik etmeýär (Res 10:34, 35). Ol «her milletden, her halkdan, her tireden, her dilden bolan» adamlara deň göz bilen garaýar (Ylh 7:9). Şol sebäpli mesihçiler ýygnagynda tarapgöýlige we ala tutmaklyga ýol berilmeýär (Ýak 2:1—4). Biz Hudaýyň berýän biliminiň kömegi bilen ruhy jennetde ýaşaýarys we adamlaryň häsiýetlerini üýtgedýändigini görýäris (Iş 11:6—9). Biz tarapgöýligi ýüregimizden köki bilen sogrup aýyrmaga çalyşsak, Hudaýdan görelde alýandygymyzy görkezeris (Ef 5:1, 2).

«JONI BILEN GIDEON ÖŇ DUŞMANDY, INDI BOLSA DOGAN» ATLY WIDEONY GÖRÜŇ. SOŇRA ŞU SORAGLARA JOGAP BERIŇ:

  • Hudaýyň bilimi näme üçin adamlaryň tarapgöýligi we ala tutmagy aýyrmak üçin edýän tagallasyndan ýokary hasaplanýar?

  • Halkara doganlygymyz sizde nähili täsir galdyrýar?

  • Agzybir bolsak Ýehowa nädip şöhratlanýar?