Ygtyýaryny öz bähbidi üçin ulanýan adam ony ýitirer
Şebna Hizkiýa patyşanyň köşgünde «emeldar, köşk häkimi» bolan bolmaly. Patyşadan soň ikinji adam bolany üçin oňa köp zat ynanylýardy.
-
Şebna Ýehowanyň halkyny gerekli zatlar bilen üpjün etmelidi.
-
Ol şöhrat gazanmak isledi.
-
Ýehowa Şebnanyň ornuna Elýakymy belledi.
-
Elýakyma «Dawudyň öýüniň açary» berildi. Bu oňa ygtyýar berlendigini görkezýärdi.
Oýlanmak üçin: Şebna adamlara kömek etmek üçin ygtyýaryny nädip ulanyp bilerdi?