MESIHÇILERIŇ DURMUŞY
«Özüňizi Hudaýyň sögüsinde saklaň» atly kitap arkaly adamyň ýüregine täsir ediň
BU NÄME ÜÇIN WAJYP? Adamlar Ýehowanyň kada-kanunlaryny öwrenmeli we Hudaýa ýaramly sežde eder ýaly, onuň talaplaryna görä ýaşamaly (Iş 2:3, 4). «Hudaýyň söýgüsi» atly ikinji kitap okuw geçýäne Hudaýyň kada-kanunlaryny gündelik durmuşynda nädip ulanmalydygyna düşünmäge kömek edýär (Ýew 5:14). Adamlar bilen okuw geçenimizde, özgerişlik edip biler ýaly olaryň ýüregine täsir etjek bolmaly (Rm 6:17).
MUNY NÄDIP ETMELI?
-
Okuw geçýäniň zerurlygyny göz öňünde tutup, gowy taýýarlyk görüň. Geçilýän temanyň onda nähili pikirleri we duýgulary döredýändigini bilmek üçin, oňa sorag beriň (Sült 20:5; be 259).
-
Okuw geçýän adam Mukaddes Ýazgylaryň kada-kanunlarynyň peýdalydygyna düşüner ýaly çarçuwalary ulanyň.
-
Okuw geçýäne ynsabyna görä karara gelmegi öwrediň, ýöne oňa derek karara gelmäň (Gl 6:5).
-
Okuw geçýäne haýsy kada-kanunlara eýermäge kömek etmelidigini anyklajak boluň. Ýöne ony sypaýyçylyk bilen ediň. Oňa Ýehowany söýmegiň özgerişlik etmäge kömek edýändigini ýumşaklyk bilen düşündiriň (Sült 27:11; Ýah 14:31).