Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Wagyz üçin teklip

Wagyz üçin teklip

«HUDAÝYŇ HOŞ HABARY»

Sorag: Köp adamlaryň sagdyn bolasy gelýär. Siziň pikiriňizçe, biz özümizi keselden gorap bilerismi?

Aýat: Sült 14:30

Edebiýat: Şu broşýurada Mukaddes Ýazgylardaky kada-kanunlaryň saglygymyzy nädip goraýandygy düşündirilýär (fg sap. 11, abz. 8).

HAKYKATY ÖWREDIŇ

Sorag: Biziň horluk çekýändigimize Hudaý günäkärmi ýa-da başga biri?

Aýat: Eýp 34:10

Hakykat: Horluk çekýändigimiz üçin Hudaýy günäkärläp bolmaz. Muňa Şeýtanyň ýetirýän täsiri, adamyň erbet ýoly saýlamagy we oňaýsyz wagty, oňaýsyz hadysa duçar bolmagy sebäp bolýar. Emma horluk çekenimizde Hudaý bizi goldaýar we aladamyzy edýär.

«MUKADDES ÝAZGYLARY ÖWRENMEGIŇ NÄME PEÝDASY BAR?» (Wideo)

Sorag: Dünýäniň üstünden Hudaý höküm sürýärmi? (Jogap bersin). Siz Mukaddes Ýazgylarda aýdylýan zatlara haýran galsaňyz gerek. Muny şu wideodan görse bolýar (Wideony görkez).

Edebiýat: Şu kitabyň 11-nji babynda Hudaýyň horluklara näme üçin ýol berýändigi we olary nädip aýyrjakdygy aýdylýar («Mukaddes Ýazgylar öwredýär» kitabyny hödür et).

ÖZ TEKLIBIŇIZI ÝAZYŇ

Ýokardaky teklipleriň esasynda öz teklibiňizi düzüň