Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

MESIHÇILERIŇ DURMUŞY

Joşgunly aýdym aýdyp, Ýehowany şöhratlandyryň

Joşgunly aýdym aýdyp, Ýehowany şöhratlandyryň

Pawlus bilen Silasy tussag etseler-de, Ýehowa öwgüli aýdym aýtdylar (Res 16:25). Bu olara has çydamly bolmaga kömek etdi. Bizem aýdym aýdýarysmy? Sežde edenimizde aýdýan aýdymlarymyz ruhlandyrýar we synaglarda Hudaýa wepaly bolmaga kömek edýär. Şeýle-de Ýehowany şöhratlandyrýarys (Zb 28:7). Bize birnäçe aýdymlary ýat tutmak maslahat berlipdi. Siz olary ýat tutduňyzmy? Biz maşgala okuwynda aýdym aýtsak, gowy ýadymyzda galar.

«ÇAGALAR ÝEHOWANY AÝDYM AÝDYP ŞÖHRATLANDYRÝAR» DIÝEN WIDEONY GÖRKEZIP, ŞU SORAGLARA JOGAP BERIŇ:

  • Hudaýyň Patyşalygy baradaky aýdymlary aýtmaklyk nähili täsir edýär?

  • Audio we wideo bölümleri aýdymlary nädip ýazdyrýar?

  • Çagalar we olaryň ene-atasy aýdymlary ýazmaga nädip taýýarlyk görýärler?

  • Aýdymlarymyzyň haýsysyny gowy görýärsiňiz we näme üçin?