Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

MESIHÇILERIŇ DURMUŞY

Ýer derýany ýuwutdy

Ýer derýany ýuwutdy

Bütin taryhyň dowamynda her dürli hökümdarlar Ýehowanyň halkyna kömek etdiler (Hyd 6:1—12; Est 8:10—13). Hatda şu günler hem «ýer», ýagny käbir paýhasly hökümdarlar «aždarha» diýip atlandyrylan Şeýtan Iblisiň ulanýan yzarlamalar «derýasyny» ýuwudýar (Ylh 12:16). «Halas edýän Hudaýymyz» Ýehowa käte ynsan ýolbaşçylaryny halkyna kömek etmäge höweslendirýär (Zb 68:20; Nak 21:1).

Hudaýa iman edýändigiň üçin tussag etseler näme? Ýehowanyň goldajakdygyna hiç haçan şübhelenme (1Ms 39:21—23; Zb 105:17—20). Imanyň üçin sylaglanjakdygyňa we Hudaýa wepalylygyň bütin dünýädäki dogan-uýalary ruhlandyrjakdygyna ynamly bolup bilersiň (Flp 1:12—14; Ylh 2:10).

«KOREÝADAKY DOGANLAR TÜRMEDEN BOŞADYLDY» DIÝEN WIDEONY GÖRÜP, ŞU SORAGLARA JOGAP BERIŇ:

  • Günorta Koreýada köp ýyllaryň dowamynda müňlerçe doganlar näme üçin tussag edilýärdi?

  • Käbir doganlary näme sebäpden wagtyndan ir boşatdylar?

  • Imany üçin tussag edilen bütin dünýädäki doganlara nädip kömek edip bileris?

  • Biz azatlygymyzy häzirden nädip ulanyp bileris?

  • Kazyýetde gazanýan ähli ýeňişlerimiz üçin kim şöhrata mynasyp?

Men azatlygymy nädip ulanyp bilerin?