MESIHÇILERIŇ DURMUŞY
Žurnallary yzygiderli ulanyň
2018-nji ýyldan başlap, köpçülik üçin niýetlenen žurnallarymyzyň hersinde bir tema hakda gürrüň edilýär. Şol žurnallaryň hemmesi we wideolar «Okuw esbaplarymyza» degişli. Biz olary wagyzda ulanyp bileris. Meselem, bir ýere gezelenje ýa-da bazara gidenimizde, adamlara wideo görkezip bileris. Žurnallar we wideolar adamlar bilen okuw geçmek üçin niýetlenmese-de, olary gyzyklandyryp bilýär.
Gürrüňe başlanyňyzdan soň, bir aýady okap, şol tema degişli žurnal beriň ýa-da wideo görkeziň. Mysal üçin, adam kynçylykdan doly maşgalada ulalan bolsa ýa-da özi gaýgy-aladadan ýaňa ejir çekýän bolsa, şeýle diýip bilersiňiz: «Öňräk şu barada gyzykly wideo gördüm. Size-de görkezeýinmi?» Eger ol gyzyklansa, hatda ilkinji gezek gepleşýänem bolsaňyz, wideony görkezip ýa-da nädip ýükläp bolýandygyny öwredip bilersiňiz. Biziň esasy maksadymyz wideo görkezmek ýa-da žurnal paýlamak bolmasa-da, olar bize akýürekli adamlary tapmaga kömek edýär (Res 13:48).
Ýaşaýan ýeriňizde adamlary haýsy temalar gyzyklandyrýar?