Günä geçilýän gün we sen
Günä geçilýän güni tütetginiň ýakylmagyndan näme öwrenýäris?
-
Ýehowanyň wepaly gullukçylarynyň edýän dogalary tütetgä meňzedilýär (Zb 141:2). Baş ruhany tütetgini alyp, Ýehowanyň huzuryna baranda, oňa çuňňur hormat goýýandygyny görkezýärdi. Şonuň ýaly, biz hem Ýehowa doga edenimizde, oňa çuňňur hormat goýýandygymyzy görkezmeli.
-
Baş ruhany gurbanlyk bermezden öň, tütetgini ýakýardy. Edil şonuň ýaly, Isa-da öz janyny töleg hökmünde gurban bermezden öň, Hudaýa soňuna çenli wepaly galmalydy. Şonda Ýehowa onuň gurbanlygyny kabul ederdi.
Ýehowa meniň gurbanlygymy kabul edýärmi?