MESIHIÇLERIŇ DURMUŞY
Siz Hoş habarçylar mekdebinde okamaga taýynmy?
Seniň ýaşyň 23—65 ýaş aralygyndamy? Sen pionermi? Saglygyň gowumy? Wagyzçylaryň ýetmeýän ýerinde gulluk etmäge taýynmy? Eger şeýle bolsa, onda sen Hoş habarçylar mekdebinde okamak barada pikirlenipdiňmi? Bu mekdep açylany bäri, müňlerçe är-aýallar, sallah doganlar we durmuşa çykmadyk uýalar tälim aldylar. Emma henizem mekdepde okamaga isleg bildirýän sallah doganlar gerek. Şonuň üçin Isadan görelde alyp, köpräk gulluk etmäge islegiňizi artdyrar ýaly, Ýehowa doga ediň (Zb 40:8; Mat 20:28; Ýew 10:7). Soňra talaplara laýyk gelmek üçin näme edip biljekdigiňiz barada oýlanyň.
Bu ajaýyp mekdepde tälim alan dogan-uýalar üçin nähili mümkinçilikler açylýar? Käbir dogan-uýalar başga dilde gepleýän territoriýada ýa-da uly şäherlerde wagyz etmäge bellendi. Käbirleri bolsa, etrap gözegçisiniň kömekçisi, etrap gözegçisi ýa-da missioner edip bellendi. Senem Ýehowa köpräk gulluk etmek barada oýlanýan bolsaň, onda Işaýa pygamberiň şu sözlerine goşulyp bilersiň: «Men giderin! Meni iber!» (Işa 6:8).
«HASYL ÝYGYMYNDA KÖP ZÄHMET ÇEKÝÄN MISSIONERLER» DIÝEN WIDEONY GÖRÜP, ŞU SORAGLARA JOGAP BERIŇ:
-
Missionerler nädip bellenilýär?
-
Missionerler wagyz işine nädip goşant goşýar?
-
Missionerler nähili bereketleri alýar?