Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

MESIHÇILERIŇ DURMUŞY

Ýehowanyň temmisini goldap, söýgimizi görkezýäris

Ýehowanyň temmisini goldap, söýgimizi görkezýäris

Ýygnak gatnaşygyndan kesmek çäresi ýygnagy goraýar hem-de toba etmeýän günäkäre düzelmäge mümkinçilik berýär (1Kr 5:6, 11). Ýehowanyň temmisini goldap, biz söýgimizi görkezýäris. Şeýle ýagdaý hemmelere, şol sanda ýygnak gatnaşygyndan kesilen adamyň ýakynlaryna we düzediş komitetine duýgy taýdan erbet täsir etse näme?

Biz berlen temmini goldap, ilki bilen, Ýehowanyň adyna we adyl kada-kanunlaryna söýgimizi görkezýäris (1Pe 1:14—16). Şeýle-de ýygnak gatnaşygyndan kesilen adama hem söýgimizi görkezýäris. Berilýän temmi başda agyryly bolsa-da, soňra «dogruçyllygyň parahatlyk miwesini getirýär» (Ýew 12:5, 6, 11, çyk.). Biz ýygnak gatnaşygyndan kesilen ýa-da ýygnakdan ýüz öwren adam bilen gatnaşsak, Ýehowanyň temmisine garşy gideris. Gullukçylaryna temmi berende, Ýehowanyň «öte geçmeýändigini» unutmaň (Ýer 30:11). Ýehowanyň temmisini goldap, ruhy işleri etmegimizi dowam etsek, günäkäriň rehimdar Atamyz Ýehowa dolanjakdygyna ynanyp bileris (Işa 1:16—18; 55:7).

«ÝEHOWA BÜTIN ÝÜREGIŇ BILEN WEPALY BOL» DIÝEN WIDEONY GÖRÜP, ŞU SORAGLARA JOGAP BERIŇ:

  • Çagasy Ýehowadan ýüz öwrende, mesihçi ene-ata özüni nähili duýýar?

  • Dogan-uýalar olary nädip goldap biler?

  • Maşgala agzalarymyza garanda, Ýehowa has köp wepaly bolmagyň wajypdygyny Mukaddes Kitapdaky haýsy waka görkezýär?

  • Biz nädip maşgala agzalarymyza garanda, Ýehowa has köp wepaly bolup bileris?