Fewral 22—28
NEHEMÝA 12—13
27-nji aýdym we doga
Giriş sözler (3 min. ýa-da ondan az)
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR
«Nehemýa kitabyndan näme öwrenýäris?» (10 min.)
Neh 13:4—9. Erbet adamlar bilen gatnaşyk etmäň (w13 15/8 sah. 4, abz. 5—8).
Neh 13:15—21. Ruhy zatlary birinji orunda goýuň (w13 15/8 sah. 5, 6, abz. 13—15).
Neh 13:23—27. Ýehowanyň Şaýadydygyňyzy unutmaň (w13 15/8 sah. 6, 7, abz. 16—18).
Ruhy dürdäneleri agtaryň (8 min.)
Neh 12:31. Iki hor toparynyň bolmagynyň nähili peýdasy bardy? (it-U «Saz» sah. 454, abz. 1).
Neh 13:31b. Nehemýa Ýehowadan näme diledi? (w11-U 1/2 sah. 14, abz. 3—5).
Men şu hepdede meýilnama boýunça okalýan aýatlardan Ýehowa barada näme öwrendim?
Men öwrenen zatlarymy wagyzda nädip ulanyp bilerin?
Mukaddes Ýazgylary okamak: Neh 12:1—26 (4 min. ýa-da ondan az)
WAGYZ ETMEK UKYBYŇY ARTDYRMAK
Ilkinji gürrüňdeşlik (2 min. ýa-da ondan az). Köp adamlar Isa pygambere wada edilen Mesih diýýär, käbirleri ony ýöne pygamber hasaplaýar. Siz nähili pikir edýärsiňiz? (Jogap bersin). Mukaddes Ýazgylara görä, Isa pygamber hakda bilim almak örän wajyp (Ýahýa 17:3-i oka). Ikilenç idege gepleşiň.
Ikilenç ideg (4 min. ýa-da ondan az). Sahna taýýarlaň. Gyzyklanan adam bilen «Mukaddes Ýazgylar öwredýär» kitabyna esaslanyp pikir alyş (bh bap. 4, abz. 4, 5). Ýene görüşmek üçin wagt belleşiň.
Mukaddes Ýazgylar okuwy (6 min. ýa-da ondan az). «Mukaddes Ýazgylar öwredýär» kitabyna esaslanyp, okuw geçýäne Ýatlama agşamynyň nädip geçirilýändigini düşündir (bh sah. 206—208). Ýatlama agşamyna gatnaşmaga kömek etjekdigiňi aýt.
HUDAÝA ÝARAMLY ÝAŞAMAK
5-nji aýdym
«Ýatlama agşamyna çagyrýarys!» (15 min.) Söhbetdeşlik. Okuw geçýän adamlaryňy ýa-da garyndaşlaryňy «Ýatlama agşamyna» nädip çagyryp bolýandygyny düşündir. «Şu barada-da oýlanyň» diýen bölümiň esasynda ýerli ýagdaýa görä nädip teklip taýýarlamalydygyny aýt. Ýatlama agşamy döwri wagyzçylary yhlasly gulluk etmäge we gyzyklanýanlary ikilenç ideg etmäge höweslendir. Sahna taýýarlaň.
Mukaddes Ýazgylary öwrenmek duşuşygy: ia 9-njy bap, abz. 14—24 we gaýtalamak üçin soraglar (sah. 82) (30 min.)
Geçilenleri gaýtalap, indiki hepde geçiljek zatlara seret (3 min.)
147-nji aýdym we doga