Fewral 13—19
IŞAÝA 52—57
148-nji aýdym we doga
Giriş sözler (3 min. ýa-da ondan az)
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR
«Mesih biziň üçin ejir çekdi» (10 min.)
Iş 53:3—5. Adamlar ony äsgermedi we ol biziň günälerimiz üçin görgi gördi (w09 15/1 sah. 26, abz. 3—5).
Iş 53:7, 8. Ol biziň üçin şirin janyny gurban berdi (w09 15/1 sah. 27, abz. 10).
Iş 53:11, 12. Isanyň ölýänçä wepaly galandygy sebäpli, biz Hudaýyň öňünde dogry hasaplanýarys (w09 15/1 sah. 28, abz. 13).
Ruhy dürdäneleri agtaryň (8 min.)
Iş 54:1. Şu pygamberlikde aýdylýan «önelgesiz» aýal we onuň «ogullary» kim? (w12 15/6 sah. 8, w07 1/11 sah. 4, abz. 11)
Iş 57:15. Ýehowa haýsy manyda «ezilenler we kiçigöwünliler» bilen «ýaşaýar»? (w05 15/10 sah. 26, abz. 3)
Men şu hepde okalýan aýatlardan Ýehowa barada näme öwrendim?
Men şu hepde okalan aýatlardaky haýsy pikiri wagyzda ulanyp bilerin?
Mukaddes Ýazgylary okamak: Iş 57:1—11 (4 min. ýa-da ondan az)
WAGYZDA ÖKDELEŞIŇ
Ilkinji gürrüňdeşlik: dg böl. 3, abz. 3, 4. Gaýtadan idege gepleşiň (2 min. ýa-da ondan az).
Gaýtadan ideg: dg böl. 3, abz. 5—8. Ýene-de gaýtadan idege gepleşiň (4 min. ýa-da ondan az).
Mukaddes Ýazgylar okuwy: bh sah. 14, 15, abz. 16, 17. Mümkin bolsa, maşgalabaşy kämillik ýaşyna ýetmedik ogly ýa-da gyzy bilen okuw geçsin (6 min. ýa-da ondan az).
MESIHÇILERIŇ DURMUŞY
15-nji aýdym
«Çagalaryňyzyň Ýaradyja bolan imanyny berkidiň» (15 min.) Söhbetdeşlik. «Deň-duşlaryň näme diýýär? Hudaýyň bardygyna ynanmak» diýen wideony görkez (jw.org/jw-tmr WIDEOLAR).
Mukaddes Ýazgylary öwrenmek duşuşygy: kr bap 8, abz. 8—13 we çarçuwa «Dünýä boýunça rekord gazanan edebiýatlar» (30 min.)
Geçilenleri gaýtalap, indiki hepde geçiljek zatlara seret (3 min.)
16-njy aýdym we doga