MESIHÇILERIŇ DURMUŞY
Çagalaryňyzyň Ýaradyja bolan imanyny berkidiň
Ýaradylyş Ýehowany şöhratlandyrýar (Zb 19:1—4; 139:14). Emma Şeýtanyň dünýäsi ýaşaýşyň döreýşi barada Hudaýa ysnat getirýän düşünjeleri ýaýradýar (Rm 1:18—25). Şeýle düşünjeler çagaňyzyň aňyna we ýüregine täsir etmez ýaly näme edip bilersiňiz? Çagalara kiçiliginden Ýehowanyň bardygyna we olaryň her biriniň aladasyny edýändigine imanyny berkidiň (2Kr 10:4, 5; Ef 6:16). Mekdepde öwrenýän zatlary barada çagalaryňyzyň pikirini biliň we guramamyzyň çykarýan gollanmalary arkaly ýüregine täsir etjek boluň (Sült 20:5; Ýak 1:19).
«DEŇ-DUŞLARYŇ NÄME DIÝÝÄR? HUDAÝYŇ BARDYGYNA YNANMAK» DIÝEN WIDEONY GÖRÜP, ŞU SORAGLARYŇ ÜSTÜNDE OÝLANYŇ:
Hudaýyň bardygyna ynanmak barada nähili ýalan düşünje giňden ýaýran?
Bu barada mekdepde näme öwredilýär?
Ýehowanyň bardygyna sizi näme ynandyrýar?
Kimdir birini ähli zady Hudaýyň ýaradandygyna nädip ynandyryp bilersiňiz?