Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | IŞAÝA 52—57

Mesih biziň üçin ejir çekdi

Mesih biziň üçin ejir çekdi

«Ol äsgerilmedi, ynsanlar ony ret etdi... Biz bolsa ol Hudaý tarapyndan jezalandyrylyp, urlup ejir çekendir diýip pikir etdik»

53:3—5

  • Isany äsgermediler we Hudaýa dil ýetirýär diýip töhmet atdylar. Käbir adamlar ol Hudaýyň gargandygy sebäpli ejir çekýändir diýip pikir etdiler.

«Onuň ezilmegi Ýehowanyň islegidi... Ýehowanyň islegi ol arkaly rowaçlanar (TD)»

53:10

  • Ýehowa oglunyň ölümini görüp gaty gynanandyr. Emma ol Isanyň soňuna çenli wepaly galandygyna örän begendi. Onuň ölümi Hudaýyň gullukçylarynyň wepalylygy baradaky Şeýtanyň atan töhmetine jogap berdi we toba eden adamlara peýda getirdi. Isanyň ölümi «Ýehowanyň isleginiň» ýerine ýetmegine kömek etdi.