«Ýehowanyň merhemet ýylyny yglan ediň»
«Ýehowanyň merhemet ýyly» göni manydaky ýyly aňlatmaýar
-
Bu Ýehowanyň pesgöwünli adamlary azatlyga çykarjakdygy baradaky habara seslenmäge mümkinçilik berýän döwri aňladýar.
-
I asyrda merhemet ýyly b. e. 29-njy ýylynda Isanyň ýer ýüzündäki gullugyna başlanyndan tä Ýehowanyň «öç aljak gününe», ýagny b. e. 70-nji ýylynda Iýerusalimiň weýran edilen döwrüne çenli dowam etdi.
-
Biziň günlerimizde merhemet ýyly 1914-nji ýylda Isa gökde tagta çykanda başlandy we ol agyr muşakgatda tamamlanar.
Ýehowa halkyna «dogrulyk dub agaçlary» arkaly bereket berýär
-
Dünýäde iň uzyn hasaplanýan tokaý agaçlary adatça biri-birine ýakyn ýerleşýär. Şeýdip olar biri-birine hemaýat edýärler.
-
Agaçlaryň berk we uzyn kökleri biri-biri bilen çyrmaşyp, tupanda ýykylmaz ýaly olary berk saklaýar.
-
Uzyn agaçlar boý alyp başlan agaçlara kölege berýär, ondan gaçýan ýapraklar bolsa ýere dökün bolýar.
Bütindünýädäki mesihçiler ýygnagynyň agzalary mesh edilen mesihçileriň galyndysy bolan «dogrulyk dub agaçlarynyň» berýän goldawyndan we goragyndan özlerine peýda tapýarlar.