Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

MESIHÇILERIŇ DURMUŞY

Wagyzda edebiýatlary paýhasly ulanyň

Wagyzda edebiýatlary paýhasly ulanyň

Isa: «Mugt aldyňyz, mugt hem beriň» diýip öwretdi (Mt 10:8). Biz bu görkezmä eýerip, Mukaddes Ýazgylar we oňa esaslanan edebiýatlar üçin hiç hili pul almaýarys (2Kr 2:17). Galyberse-de, bu edebiýatlarda Hudaýyň Sözündäki gymmatly hakykatlar bar. Edebiýatlary çap etmek we olary bütin dünýädäki ýygnaklara paýlamak üçin köp tagalla hem-de çykdajy edilýär. Şol sebäpli biz gereginden artyk edebiýat almasak gowy bolar.

Adamlara hatda köpçülik ýerlerinde-de edebiýat paýlanyňyzda paýhasly boluň (Mt 7:6). Siz ýöne bir edebiýat paýlaman, gaýtam, adamyň gyzyklanýandygyny bilmek üçin gürrüňdeş boluň. Siz çarçuwadaky soraglaryň iň bolmanda birine «hawa» diýip jogap berip bilersiňizmi? Eger-de adamyň gyzyklanýandygyny doly bilmeseňiz, kitapça berseňiz gowy bolar. Elbetde, biz žurnal ýa-da edebiýat soraýan adamlara ony höwes bilen bereris (Sült 3:27, 28).