Täze gök we täze ýer köp şatlyk getirer
Işaýa kitabynyň 65-nji babynda Hudaýyň ähli zady dikeltjekdigi baradaky wadasy ýazylan. Ýehowanyň bu wadalary şeýle ygtybarly welin, ol ony eýýäm ýerine ýeten ýaly edip aýdýar.
Ýehowa öňki zatlar ýatlanmajak täze gögi we täze ýeri ýaradýar
Täze gök näme?
-
Bu bütin ýeriň üstünden dogrulyk bilen höküm sürjek täze hökümeti aňladýar.
-
Bu hökümet 1914-nji ýylda Isa Mesih Hudaýyň Patyşalygynyň patyşasy bolanda berkarar edildi.
Täze ýer näme?
-
Bu gökdäki täze hökümete höwes bilen tabyn bolýan ähli halkdan, dilden we milletden bolan adamzat jemgyýetini aňladýar.
Haýsy manyda öňki zatlar ýatlanmaz?
-
Beden, ruhy we duýgy taýdan ejir çekdiren zatlaryň hiç haýsy bolmaz.
-
Hudaýa wepaly adamlar ýaşaýyşdan doly lezzet alar we olaryň her bir güni ýakymly ýatlamalar bilen geçer.