MESIHÇILERIŇ DURMUŞY
Umytda şatlanyň
Umydy labyra meňzetse bolýar (Ýew 6:19). Ol bizi durmuşyň apy-tupanlarynda ruhy taýdan heläk bolmaz ýaly goraýar (1Tm 1:18, 19). Şeýle apy-tupanlara gaýgy-aladalarymyz, emlägiňden mahrum bolmak, dowamly keselden ejir çekmek, ýakynlarymyzyň ölümi ýa-da wepalylygymyz synalýan islendik kynçylyklar degişli bolup biler.
Iman we umyt gelejekde aljak bereketlerimizi aýdyň görmäge kömek edýär (2Kr 4:16—18; Ýew 11:13, 26, 27). Şol sebäpli biz gökde ýa-da ýerde ýaşmaga umyt edýändigimize garamazdan, Hudaýyň Sözündäki wadalar hakda hemişe oýlanyp, umydymyzy berkidip durmaly. Şonda biz nähili synaga uçrasak-da, şatlygymyzy ýitirmeris (1Pt 1:6, 7).
«UMYTDA ŞATLANYŇ» DIÝEN WIDEONY GÖRÜP, ŞU SORAGLARA JOGAP BERIŇ:
-
Biz Musa pygamberden näme öwrenip bilýäris?
-
Maşgalabaşylaryň nähili jogapkärçiligi bar?
-
Maşgala okuwynda nähili temalara seredip bilersiňiz?
-
Umydymyz synaglarda berk durmaga nädip kömek edýär?
-
Siz nämä sabyrsyzlyk bilen garaşýarsyňyz?