Wagyz üçin teklip
«BAGTLY MAŞGALA»
Sorag: Göwnüçökgünlige düşýän ýetginjekleriň sany gün-günden köpelýär. Siziň pikiriňizçe, bu kynçylygy nädip çözüp bolar?
Edebiýat: Şu broşýurada ýetginjeklere nädip göwnüçökgünlige garşy göreşmelidigi we olara ene-atalaryň nädip kömek edip bilýändigi düşündirilýär.
HAKYKATY ÖWREDIŇ
Sorag: Maşgalany näme bagtly edýär?
Aýat: Ef 5:33
Hakykat: Är-aýal biri-birini söýse we hormat goýsa, maşgala bagtly bolar.
«HUDAÝ ALADAMYZY EDÝÄRMIKÄ?»
Sorag: Adamlardan ýaşaýşyň nädip dörändigini soranyňda her kim her zada ynanýandygyny aýdýar. Ýöne ynanýan zatlarymyz nämä esaslanmaly?
Aýat: Ýew 11:1, çykgyt
Edebiýat: Şu aýadyň çykgydyna görä, biziň ynanýan zatlarymyz «ynandyryjy delillere» esaslanmaly. Şu broşýurada ýaşaýşyň nädip dörändigi barada aýdyň subutnamalar getirilýär.
ÖZ TEKLIBIŇIZI ÝAZYŇ
Ýokardaky teklipleriň esasynda öz teklibiňizi düzüň.