Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

MESIHÇILERIŇ DURMUŞY

«Ata-eneňe hormat goý»

«Ata-eneňe hormat goý»

Isa ýer ýüzünde ýaşanda: «Ata-eneňe hormat goý» diýen tabşyrygy nygtap geçdi (Müsç 20:12; Mt 15:4). Ol bu sözleri arassa ynsap bilen aýdyp bildi, sebäbi kiçiliginden ene-atasynyň «tabynlygynda» boldy (Lk 2:51). Isa hatda ölmeziniň öň ýanynda-da ejesiniň aladasyny etmegi şägirdine tabşyrypdy (Ýah 19:26, 27).

Şu günlerem ýaş mesihçiler ene-atasyna gulak asyp we olar bilen özlerini sylaşykly alyp baryp, hormat goýýandygyny görkezýärler. «Ene-ataňa hormat goý» diýen tabşyryk diňe çagalara ýa-da ýaşlara degişli däl. Ene-atamyz gartaşanda-da, biz olaryň akyl-paýhasyny gözden salman, hormat goýmagymyzy dowam edýäris (Sült 23:22). Biz olaryň duýgy we beden taýdan aladasyny edip, sylaýandygymyzy görkezýäris (1Tm 5:8). Dogrudan-da, ýaş ýa-da ýetişendigimize garamazdan, biz ejemiz we kakamyz bilen gowy gatnaşyk saklamak üçin jan etmeli.

«ENEM-ATAM BILEN NÄDIP DIL TAPYŞSAMKAM?» DIÝEN JANLANDYRYLAN SURATLY WIDEONY GÖRÜP, ŞU AŞAKDAKY SORAGLARA JOGAP BERIŇ:

  • Size ene-ataňyz bilen dil tapyşmak näme üçin kyn bolup biler?

  • Siz ene-ataňyz bilen özüňizi nädip sylaşykly alyp baryp bilersiňiz?

  • Ene-ataň bilen gürleşmek näme üçin eden tagallaňa degýär? (Sült 15:22)

    Ene-ataňyz bilen dil tapyşyp, gowy gatnaşykda bolsaňyz, durmuşda üstünlik gazanyp bilersiňiz