Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | MATTA 14, 15

Sanlyja adam arkaly müňlerçe adam doýýar

Sanlyja adam arkaly müňlerçe adam doýýar

B. e. 32-nji ýylynyň Pasha baýramynyň öňüsyrasydy. Isanyň şonda görkezen gudraty Injiliň dört Hoş habarynda-da agzalýar.

Isa şol gudraty arkaly bu işiň biziň günlerimizde-de dowam etjekdigini görkezdi.

14:16—21

  • Şägirtleriň bäş çörek bilen iki balygy bolsa-da, Isa olara uly märekäni doýurmagy tabşyrdy

  • Isa çörekleri we balygy alyp, doga edenden soň, olary bölüşdirip, şägirtlerine berdi, şägirtleri hem olary märekä paýlady

  • Geň galaýmaly, olaryň uludan-kiçä ählisi iýip doýdular. Isa sanlyja adam, ýagny şägirtleri arkaly müňlerçe adamy doýurdy

  • Isa soňky günlerde «wagtly-wagtynda nahar paýlaryny (ruhy iýmiti) berjek» topary bellejekdigini öňünden aýtdy (Mt 24:45)

  • 1919-njy ýylda Isa «öýdäki hyzmatkärleriň» aladasyny edip, iýmitlendirjek «wepaly we paýhasly hyzmatkäri», ýagny mesh edilen doganlaryndan ybarat kiçijik topary belledi

  • Isa edil I asyrdaky ýaly şu günlerem mesh edilen mesihçileriň kiçijik topary arkaly ýolbaşçylyk edýär

Men Isanyň adamlara ruhy iýmiti paýlamak üçin bellän toparyny kabul edýändigimi we hormat goýýandygymy nädip görkezip bilerin?