Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

MESIHÇILERIŇ DURMUŞY

Wagyz etmek tejribämizi artdyrýarys. Soraglary ökdelik bilen ulanýarys

Wagyz etmek tejribämizi artdyrýarys. Soraglary ökdelik bilen ulanýarys

NÄME ÜÇIN WAJYP? Adamyň ýüregindäki pikirleri çuň suwa, soraglary bolsa ony çekip çykarýan bedrä meňzetse bolýar (Sült 20:5). Ökdelik bilen berlen soraglar diňleýjileriň ünsüni çekmäge kömek edýär. Şeýle soraglar adamyň pikirini bilmäge mümkinçilik berip, köplenç gowy netije getirýär. Isa soraglary ökdelik bilen ulanýardy. Biz onuň göreldesine nädip eýerip bileris?

NÄDIP ETMELI?

  • Garaýşyny bilmek üçin soraglar beriň. Isa şägirtleriniň garaýşyny bilmek üçin birnäçe soraglary berýärdi (Mt 16:13—16; be sah. 238, abz. 3—5). Siz nähili soraglary berip bilersiňiz?

  • Goşmaça soraglary beriň. Isa Petrusyň pikirini düzetjek bolanda, oňa dogry netijä gelmäge kömek edýän soraglary beripdi (Mt 17:24—26). Adamlar dogry netijä geler ýaly, siz nähili soraglary berip bilersiňiz?

  • Öwgüli sözleri aýdyň. Kanunçy «paýhasly jogap berende», Isa oňa öwgüli sözleri aýtdy (Mr 12:34). Soraga dogry jogap beren adamy siz nädip öwüp bilersiňiz?

«ISANYŇ BAŞLAN IŞINI DOWAM EDIŇ. TÄLIM BERIŇ» DIÝEN WIDEONYŇ BIRINJI PARÇASYNY GÖRÜP, AŞAKDAKY SORAGLARA JOGAP BERIŇ:

  • Berlen maglumat dogry bolsa-da, doganyň tälim berşine näme üçin nädogry diýse bolar?

  • Okuw geçirenimizde näme üçin ýöne bir dogry maglumat bermek bilen çäklenmeli däl?

WIDEONYŇ IKINJI PARÇASYNY GÖRÜP, AŞAKDAKY SORAGLARA JOGAP BERIŇ:

  • Dogan soraglary nädip ökdelik bilen ulandy?

  • Tälim bermekde ondan näme öwrenip bileris?

Biziň tälim berşimiz adamlara nähili täsir edýär? (Lk 24:32).