Isa özüňiň we başgalaryň büdremegine sebäp bolmagyň howpludygyny öwretmek üçin birnäçe mysallary gürrüň berdi.
-
«Büdremek» sözi adamyň dogry ýoldan sowulmagyna, büdremegine, ruhy taýdan gowşap, günä etmegine eltýän kimdir biriniň hereketini ýa-da haýsydyr bir ýagdaýy aňladýar
-
Kimdir biriniň büdremegine sebäp bolanyňdan, boýnuňa degirmen daşyny asyp, deňizde gark bolanyň has gowudyr
-
Isa şägirtlerine hatda eliň ýa-da gözüň büdremäge sebäp bolsa, ony kesip, ýa oýup taşlamagy maslahat berdi
-
«Jähennem oduna taşlananyňdan», ýagny hemişelik ýok bolanyňdan, Hudaýyň Patyşalygyna girmek üçin gymmat saýýan zatlaryňdan geçmek has gowudyr
Haýsy zatlar meniň üçin büdreme daşy bolup biler? Men özümiň we başgalaryň büdremeginden nädip gaça durup bilerin?