Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | RIMLILER 4—6

«Hudaý bize bolan söýgüsini bildirdi»

«Hudaý bize bolan söýgüsini bildirdi»

5:8, 18, 21

Ýehowanyň beren töleg gurbany onuň adynyň aklanmagy, höküm sürmäge haklydygyny hem-de has gowy höküm sürüp bilýändigini subut etmek üçin örän wajyp. Şeýle-de töleg gurbany bize häzirden Ýehowanyň dosty bolmaga we Hudaýa gulak asýan adamlaryň ählisine ebedi ýaşaýşa gowuşmaga mümkinçilik berýär.

Töleg gurbany üçin minnetdarlygymyzy nädip görkezip bileris?

  • Özümizi bagyş edip we suwa çümdürilip, töleg gurbanyna iman edýändigimizi hem-de Ýehowanyňky bolmak isleýändigimizi görkezýäris

  • Hudaýyň Patyşalygy baradaky hoş habary wagyz edip, Ýehowanyň ähli adamlara bolan çäksiz söýgüsinden görelde alýandygymyzy görkezýäris (Mt 22:39; Ýah 3:16).

Men Ýehowanyň beren töleg gurbanyna minnetdarlygymy ýene nädip görkezip bilerin?