MESIHÇILERIŇ DURMUŞY
Çydamly bolup, sabyrsyzlyk bilen garaşyň
Siz Hudaýyň Patyşalygynyň gelmegine näçe wagtdan bäri garaşýarsyňyz? Kynçylyklara duş gelseňiz-de, sabyrlylyk bilen çydaýarsyňyzmy? (Rm 8:25). Käbir mesihçileri ýigrenýärler, ýaňsylaýarlar, tussag edýärler, hatda öldürýärler. Köpüsi bolsa, agyr kesel ýa-da garrylyk sebäpli ejir çekýär.
Şeýle synaglara uçranymyzda sabyrsyzlyk bilen garaşmaga näme kömek eder? Imanymyzy berkitmek üçin Mukaddes Ýazgylary her gün okamaly we oýlanmaly. Biz ünsümizi umydymyza gönükdirmeli (2Kr 4:16—18; Ýew 12:2). Şeýle-de Ýehowa doga edip ýalbarmaly we mukaddes ruhuny dilemeli (Lk 11:10, 13; Ýew 5:7). Gökdäki söýgüden doly Atamyz bize «sabyrly bolup, şatlanmaga» kömek edýär (Kl 1:11).
«BIZ „ÇYDAMLY YLGAMALY“: SYLAG ALJAKDYGYŇYZA ASLA ŞÜBHELENMÄŇ» DIÝEN WIDEONY GÖRÜP, ŞU SORAGLARA JOGAP BERIŇ:
-
Durmuşda nähili garaşylmadyk ýagdaý bolup biler? (Wg 9:11)
-
Synaga uçranymyzda doga nädip kömek eder?
-
Ýehowa öňkimiz ýaly köp gulluk edip bilmesek-de, näme üçin edip bilýän zadymyza ünsümizi gönükdirmeli?
-
Sylag aljakdygyňyza ynamly bolmaga näme kömek eder?