Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

MESIHÇILERIŇ DURMUŞY

Wagyz etmek tejribämizi artdyrýarys. Ruhy taýdan ösüş etmeýän adam bilen okuw geçmegi bes edýäris

Wagyz etmek tejribämizi artdyrýarys. Ruhy taýdan ösüş etmeýän adam bilen okuw geçmegi bes edýäris

NÄME ÜÇIN WAJYP? Her bir adam halas bolmak üçin Ýehowanyň adyny çagyrmaly (Rm 10:13, 14). Ýöne Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçýänleriň hemmesi Ýehowanyň kada-kanunlary boýunça ýaşamak islemeýär. Biz Ýehowany razy etmek üçin durmuşyny özgertmek isleýän adamlara kömek edip, gymmatly wagtymyzy paýhasly ulanýarys. Okuw geçýän adam belli bir wagtdan soň ruhy taýdan ösüş etmese, Ýehowanyň özüne we guramasyna çekýän adamlaryna wagtymyzy paýhasly sarp edýäris (Ýah 6:44). Eger okuw geçýän adam wagtyň geçmegi bilen käbir özgerişikler edip, «ebedi ýaşaýşa eltýän hakykaty kabul etmek isleýändigini» görkezse, biz oňa höwes bilen ýene-de okuw geçip bileris (Res 13:48).

NÄDIP ETMELI?

  • Okuw geçýäne dogry bilim almak isleýändigi üçin öwgüli sözleri aýdyň (1Tm 2:4).

  • Öwrenýän zatlaryny ulanmagyň wajypdygyny nygtaň (Lk 6:46—49).

  • Isanyň daýhan baradaky mysaly hakda mähirli pikir alşyň we ruhy taýdan ösmäge nämäniň päsgel berýändigini soraň (Mt 13:18—23).

  • Okuw geçmegi näme sebäpden bes edýändigiňizi sypaýçylykly düşündiriň

  • Ony ruhlandyrmak üçin wagtal-wagtal geljekdigiňizi we ruhy taýdan ösüş etse, okuwy dowam etjekdigiňizi aýdyň

WIDEONY GÖRÜP, ŞU SORAGLARA JOGAP BERIŇ:

  • Okuw geçýäniň ruhy taýdan ösüş etmeýändigini görkezýän gürrüňdeşlikden näme öwrendiňiz?

  • Wagyzçy okuw geçýäne özgerişlik etmelidigine düşünmäge nädip kömek etdi?

  • Wagyzçy ýene-de okuwy dowam edip biljekdigini nädip görkezdi?