Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

MESIHÇILERIŇ DURMUŞY

Hudaýyň göze görünmeýän häsiýetlerini görýärsiňizmi?

Hudaýyň göze görünmeýän häsiýetlerini görýärsiňizmi?

Siz owadan reňkli gülleri, ýyldyzly asmany, şaggyldap akýan şaglawugy synlanyňyzda, Ýaradyjynyň elleriniň işini görýärsiňizmi? Daş-töweregimizdäki ýaradylan zatlar Ýehowanyň görünmeýän häsiýetlerini aýan edýär (Rm 1:20). Görýän zatlarymyz barada birsalym durup oýlansak, Hudaýyň güýjüni, söýgüsini, akyldarlygyny, adalatlylygyny hem-de jomartlygyny görüp bileris (Zb 104:24).

Siz her gün Ýehowanyň haýsy ýaradan zatlaryna üns berýärsiňiz? Hatda şäherde ýaşasaňyz-da, guşlary we agaçlary görýänsiňiz. Ýehowanyň ýaradan zatlaryna syn etsek, ýükümizi ýeňletmäge, has wajyp zatlara ünsümizi gönükdirmäge we Ýehowanyň ebedilik aladamyzy edip bilýändigine imanymyzy berkitmäge kömek edýär (Mt 6:25—32). Çagalaryňyza hem Ýehowanyň ajaýyp häsiýetlerini görmäge kömek ediň. Ýaradylan zatlara näçe minnetdar bolsak, şonça-da Ýaradyjymyza ýakynlaşarys (Zb 8:3, 4).

«TÄSIN ÝARADYLAN ZATLAR HUDAÝY ŞÖHRATLANDYRÝAR. ÝAGTYLYK WE REŇK» DIÝEN WIDEONY GÖRÜP, ŞU SORAGLARA JOGAP BERIŇ:

  • Biz näme üçin reňkleri görüp bilýäris?

  • Öwşün atýan reňkler nädip emele gelýär?

  • Biz näme üçin asmanda dürli reňkleri görýäris?

  • Daş-töweregiňizdäki ýaradylan zatlarda nähili owadan reňkleri görýärsiňiz?

  • Biz näme üçin tebigaty ünsli synlamaga wagt tapmaly?

Ýagtylykdan we reňklerden Ýehowanyň nähili häsiýetlerini görse bolýar?