HUDAÝA ÝARAMLY ÝAŞAMAK
Bir ýyl synanyşyp görjekmi?
Nämäni? Pioner gullugyny. Sen bol bereketler alarsyň! (Sült 10:22).
SEN PIONER BOLUP...
-
wagyz etmek ukybyňy artdyrarsyň we gullukdan köp şatlyk taparsyň.
-
Ýehowa bilen dostlugyňy berkidersiň. Hudaý barada adamlara näçe köp gürrüň berseň, şonça-da onuň ajaýyp häsiýetlerini özüňe ýatladarsyň.
-
Patyşalygyň bähbitlerini birinji orunda goýsaň kanagat taparsyň we başgalara janaýaman kömek etseň «bermekden» şatlanarsyň (Mt 6:33; Res 20:35).
-
etrap gözegçisi gelende pionerler üçin duşuşyga, welaýat kongresinde ýörite duşuşyga we pionerler mekdebine gatnaşarsyň.
-
köp adamlar bilen Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirersiň.
-
dogan-uýalar bilen has köp wagyz edip, biri-biriňizi ruhlandyrarsyňyz (Rm 1:11, 12).