Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | ZEBUR 74—78

Ýehowanyň işlerini ýatlaň

Ýehowanyň işlerini ýatlaň

Ýehowanyň eden ýagşylyklary hakda oýlanmak wajyp

74:16; 77:6, 11, 12

  • Oýlanmak Mukaddes Ýazgylardan okan zatlarymyzy özleşdirmäge kömek edýär we ruhy iýmite ýürekden minnetdarlygymyzy artdyrýar.

  • Ýehowa barada çuňňur oýlanmak onuň ajaýyp işlerini we beren umydyny ýatda saklamaga kömek edýär.

Ýehowanyň işlerine şu zatlar degişli:

74:16, 17; 75:6, 7; 78:11—17

  • Ýaradylyş.

    Ýaradylan zatlar barada öwrendegimizçe, Ýehowa hormat goýup, gorkymyz artýar.

  • Ýygnakda bellenen doganlar.

    Biz Ýehowanyň gözegçilik etmek üçin bellän adamlaryna gulak asmaly.

  • Halas etmek üçin eden işleri.

    Ýehowanyň halas etmek üçin eden işlerini unutmasak, onuň öz gullukçylarynyň aladasyny etmek isleýändigine we ony başarýandygyna imanymyzy berkidýär.