HUDAÝA ÝARAMLY ÝAŞAMAK
Sada ýaşamak Hudaýy şöhratlandyrmaga kömek edýär
Şu günler durmuşymyzy köp zatlar kynlaşdyrýar. Zady satyn almak, ony ulanmak, aýap saklamak üçin köp wagt we güýç gerek bolýar. Isa sada ýaşandygy üçin, maddy zatlaryň gullugyna päsgel bermegine ýol bermedi (Mt 8:20).
Köpräk gulluk etmek üçin durmuşyňyzy nädip sadalaşdyryp bilersiňiz? Maşgalaňyzdan biri pioner bolup gulluk eder ýaly käbir özgerişik edip bilersiňizmi? Hatda doly wagt gulluk edýän bolsaňyz-da, maddy zatlaryň kem-kemden durmuşyňyzy kynlaşdyrmagyna ýol berersiňizmi? Sada ýaşap, Ýehowa gulluk etmek bagtly edýär we durmuşymyz manyly bolýar (1Tm 6:7—9).
Men durmuşymy nädip sadalaşdyryp bilerin?