Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Wagyz üçin teklip

Wagyz üçin teklip

Sorag: Siziň pikiriňizçe, Injil kitaby üýtgedilenmi? Siz nähili jogap bererdiňiz?

• Hawa.

• Ýok.

• Mümkin.

Aýat: Mt 5:18

Adamlaryň Injil kitabyny üýtgetmek üçin eden tagallalaryna garamazdan, Hudaý ony gorap saklady (1Pt 1:24, 25).

Sorag: Şu sorag hakda siziň pikiriňizi bilesim gelýär. Käbirler dini adamlar oýlap tapdy diýýärler. Käbirleri bolsa, Hudaý bizi özüne ýakynlaşdyrmak üçin dini ulanýar öýdýär. Siz bu barada nähili pikir edýärsiňiz?

Aýat: Ýak 1:27

Üns beren bolsaňyz, şu aýatda hakyky din, ýagny sežde Hudaý tarapyn diýilýär. Hudaýyň Sözi bize haýsy diniň Hudaý tarapyndygyny, haýsysynyň adamlaryňkydygyny bilmäge kömek edýär. Indiki gezek bu barada bileris.

 

«HUDAÝYŇ HOŞ HABARY»

Sorag: Köp adamlar Mukaddes Ýazgylardaky pygamberlikleri okanda, özüni gazet okan ýaly duýýar. Şu pygamberlikleriň haýsyny siz gördüňiz ýa-da eşitdiňiz?

Aýat: 2Tm 3:1—5

Edebiýat: Şu broşýurada bolýan wakalaryň Hudaýy söýýän adamlar üçin hoş habardygy düşündirilýär (Sapak 1, sorag 2).

ÖZ TEKLIBIŇIZI ÝAZYŇ

Ýokardaky teklipleriň esasynda öz teklibiňizi düzüň.