Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | LUKA 10, 11

Rehimdar samariýaly adam baradaky mysal

Rehimdar samariýaly adam baradaky mysal

10:25—37

Isa: «Meniň ýakynym kim?» diýip sorag berenlerinde, şu mysaly gürrüň berdi (Lk 10:25—29). Ol mesihçiler ýygnagynyň «her dürli adamlardan», şol sanda samariýalylardan we özge milletlerden ybarat boljakdygyny bilýärdi (Ýah 12:32, çykgyt). Isa bu mysal arkaly şägirtlerine hatda milleti tapawutlanýan adamlary hem söýmelidigini öwretdi.

ÖZÜŇIZE ŞEÝLE SORAGLARY BERIŇ:

  • Men medeniýeti tapawutlanýan dogan-uýalara nähili garaýaryn?

  • Men köplenç wagtymy kimler bilen geçirýärin?

  • Men medeniýeti tapawutlanýan mesihçiler bilen ýakyndan tanyşmak üçin olar bilen ýürekden gyzyklanýarynmy? (2Kr 6:13)

Men kimi çagyryp bilerin . . .

  •  wagza

  •  myhmançylyga

  •  indiki hepde maşgala okuwymyza