Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Iýul 30—Awgust 5

LUKA 14—16

Iýul 30—Awgust 5
  • 21-nji aýdym we doga

  • Giriş sözler (3 min. ýa-da ondan az)

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR

  • «Ýiten ogul mysaly» (10 min.)

    • Lk 15:11—16. Özdiýenli ogul akylsyz ýaşap, bar emlägini ýele sowurýar («Bir adamyň iki ogly bardy», «Kiçi ogly», «Emlägini ýele sowurdy», «Akylsyz ýaşap», «Doňuzlar», «Doňuzlara berilýän iýmit». nwtsty Lk 15:11—16-njy aýatlara degişli maglumatlar)

    • Lk 15:17—24. Ol ökünip yzyna gaýdyp gelende, kakasy ony söýgi bilen garşy alýar («Saňa garşy», «Hakyna tutulan işçiler», «Mähirli ogşady», «Ogluň diýilmäge-de», «Don... ýüzük... aýakgap». nwtsty Lk 15:17—24-nji aýatlara degişli maglumatlar)

    • Lk 15:25—32. Kakasy uly oglunyň garaýşyny düzedýär

  • Ruhy dürdäneleri agtaryň (8 min.)

    • Lk 14:26, çykgyt. Bu aýatdaky «ýigrenmek» sözi nämäni aňladýar? («Artyk söýse». nwtsty Lk 14:26-a degişli maglumat)

    • Lk 16:10—13, çykgyt. Isa «nähak baýlyk» diýende nämäni göz öňünde tutdy? (w17.07 sah. 8, 9, abz. 7, 8)

    • Siz şu hepde okalýan aýatlardan Ýehowa barada näme öwrendiňiz?

    • Siz şu hepde okalýan aýatlardan ýene nähili ruhy dürdäneleri tapdyňyz?

  • Mukaddes Ýazgylary okamak: Lk 14:1—14 (4 min. ýa-da ondan az)

WAGYZDA ÖKDELEŞIŇ

  • Ikinji gaýtadan ideg: (3 min. ýa-da ondan az) 1-nji sahypadaky teklibe esaslanyp, öz teklibiňi düz. Soňra gyzyklanan adamy ýygnaga çagyr.

  • Üçünji gaýtadan ideg: (3 min. ýa-da ondan az) Bir aýady ulanyp, pikir alyş. Soňra Mukaddes Ýazgylar okuwyny teklip et.

  • Mukaddes Ýazgylar okuwy: (6 min. ýa-da ondan az) lv sah. 36, 37, abz. 14, 15

MESIHÇILERIŇ DURMUŞY

  • 50-nji aýdym

  • «Ýiten ogul yzyna dolanýar» (15 min.) Söhbetdeşlik. Başda «Ýiten ogul yzyna dolanýar» atly filmiň parçasyny görkez.

  • Mukaddes Ýazgylary öwrenmek duşuşygy: jy bap 31 (30 min.)

  • Geçilenleri gaýtalap, indiki hepde geçiljek zatlara seret (3 min.)

  • 55-nji aýdym we doga