Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | LUKA 8, 9

Meniň şägirdim boluň. Munuň üçin näme etmeli?

Meniň şägirdim boluň. Munuň üçin näme etmeli?

9:62

Göni joýa çekmek üçin, daýhan yzyna seretmeýär. Şonuň ýaly mesihçiler hem yzda galan zatlary hakda oýlanyp, ünsüni bölmeli däl (Fp 3:13).

Kynçylyga uçranymyzda, «öňler (hakykata gelmänkäm) gowudy» diýmegimiz mümkin. Şeýle ýagdaýda biz agyr däl-de, şatlykly günlerimizi ýatlap, hamala öň özümizi has bagtly duýan ýaly hasaplap bileris. Ysraýyllylar hem gulçulykdan azat bolandan soň, Müsürde bolan ýyllarymyz gowudy diýýärdiler (Sn 11:5, 6). Eger bizem şeýle pikir etsek, yzymyza dolanmagymyz mümkin. Şonuň üçin häzirki alýan bereketlerimiz we Patyşalygyň gelejekde berjek sylaglary hakda oýlansak gowy bolar (2Kr 4:16—18).