WAGYZDA ÖKDELEŞIŇ | WAGYZDAN ŞATLYK TAPYŇ
Ýürege täsir ediň
Biz tälim berenimizde diňleýjileriň ýüregine täsir etjek bolmaly. Şonda olar Hudaýa ýürekden gulak asar (Nak 3:1). Muny nädip etmeli?
Okuw geçýäne Mukaddes Kitapdan diňe bilim bermän, öwrenýän zatlaryny durmuşda ulanmagy öwrediň we Ýehowa bilen dostlaşmaga kömek ediň. Mukaddes Kitapdaky kada-kanunlar arkaly Hudaýyň söýgüsini, ýagşylygyny we adalatlylygyny görüp bolýandygyny aýdyň. Öwrenen zatlaryna nähili garaýandygyny bilmek üçin ýerlikli soraglary beriň. Hudaýa gulak asyp, erbet endiklerini goýsa, köp peýda aljakdygyny düşündiriň. Okuw geçýäniň Ýehowany ýürekden söýýändigini görseňiz, wagyzdan şatlyk taparsyňyz.
«ŞÄGIRT TAÝÝARLAP ŞATLANYŇ WE UKYBYŇYZY ÖSDÜRIŇ. ÝÜREGE TÄSIR EDIŇ» DIÝEN WIDEONY GÖRÜP, ŞU SORAGLARA JOGAP BERIŇ:
-
Nita näme üçin Jasminden birinji günki gürrüň eden zady hakda sorady?
-
Nita Jasmine Mukaddes Kitapdaky kada-kanunlaryň Ýehowanyň söýgüsini görkezýändigini nädip düşündirdi?
-
Nita Jasmine Hudaýa söýgisini görkezmelidigini nädip öwretdi?