MESIHÇILERIŇ DURMUŞY
Uly ýaşly aýallara ejeňiz, ýaşy kiçilere bolsa uýaňyz ýaly garaň
Mukaddes Kitapda uly ýaşly dogan-uýalara ene-atamyz, ýaşlara bolsa jigimiz ýaly garamalydygy aýdylýar (1 Timoteos 5:1, 2-nji aýatlary okaň). Esasanam, doganlar uýalar bilen özüni sylaşykly alyp barmaly.
Dogan näz-kereşme ýa-da gelşiksiz hereketleri edip, uýany oňaýsyz ýagdaýa salmaly däl (Eýp 31:1). Dogan maşgala gurmak niýeti bolmasa, uýalaryň duýgusyny oýnamaz ýaly, özüni alyp barşyna ünsli bolmaly.
Uýalary bir zat biynjalyk etse ýa-da kömek sorasa, ýaşulular mähirli bolup, aladasyny etmeli. Ýaşulular, esasanam, dul aýallaryň aladasyny etmeli (Rut 2:8, 9).
«ÝYGNAKDA SÖÝGIMIZI BILDIRÝÄRIS: DUL AÝALLARA WE ÝETIMLERE» DIÝEN WIDEONY GÖRÜP, ŞU SORAGLARA JOGAP BERIŇ:
-
Dogan-uýalar Mint uýa nädip söýgüsini bildirdiler?
-
Dogan-uýalaryň görkezen söýgüsi obanyň adamlaryna nähili täsir etdi?
-
Dogan-uýalaryň görkezen söýgüsi Mint uýanyň gyzlaryna nähili täsir etdi?
Ýygnagyňyzdaky uýalaryň nädip söýgi bilen aladasyny edip bilersiňiz?