WAGYZDA ÖKDELEŞIŇ | WAGYZDAN ŞATLYK TAPYŇ
Duýgudaş boluň
Duýgudaşlyk biriniň pikirine, näme isleýändigine we oňa nämäniň gerekdigine düşünmegi aňladýar. Duýgudaşlyk güýçli täsir edýär. Adama kömek etmek üçin duýgudaş bolmaly. Ýehowanyň söýgüsinden we aladamyzy edişinden görelde alyp, biz hem wagyzda duýgudaş bolýarys. Şeýdip, adamlara Ýehowa bilen dostlaşmaga kömek edýäris (Flp 2:4).
Biz adamy ünsli diňläp, mähirli bolup, göwnüni göterýän sözleri aýdyp, duýgudaş bolup bileris. Munuň üçin onuň ýürekden aladasyny etmeli, halaýan we ynanýan zatlaryna ünsli bolup, durmuşy bilen gyzyklanmaly. Oňa peýdaly maslahat berip, kömegimizi teklip edip bileris, ýöne durmuşyny üýtgetmäge mejbur etmeli däl. Eger ol kömegimizi kabul etse, wagyzdan şatlyk taparys.
«ŞÄGIRT TAÝÝARLAP ŞATLANYŇ WE UKYBYŇYZY ÖSDÜRIŇ. DUÝGUDAŞ BOLUŇ» DIÝEN WIDEONY GÖRÜP, ŞU SORAGLARA JOGAP BERIŇ:
-
Jasmin gijä galanda Nita nädip duýgudaşlyk bildirdi?
-
Jasmin ýadawdygyny aýdanda Nita nädip duýgudaşlyk bildirdi?
-
Jasmin işlerine ýetişip bilmeýändigini aýdanda Nita nädip duýgudaşlyk bildirdi?