Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

MESIHÇILERIŇ DURMUŞY

Gürrüňdeşlik üçin teklipleri nädip ulanmaly?

Gürrüňdeşlik üçin teklipleri nädip ulanmaly?

Doganlar okuw depderindäki teklipleri düzmek üçin köp oýlanýarlar. Wagyzçylaryň köpüsi teklipler arkaly ökdelik bilen wagyz edýärler. Ýöne her ýeriň ýagdaýy her dürli bolýar. Şol sebäpli dogan-uýalar wagyz edende ýaşaýan ýerindäki adamlary gyzyklandyrar ýaly teklipleri üýtgedip biler. Emma wagyzçylar ýörite kampaniýa üçin berilýän görkezmä eýermeli. Biz Isa pygamberiň tabşyryşy ýaly, Hudaýyň Patyşalygy baradaky hoş habary wagyz etmeli (Mat 24:14).

Wagyzçy ýygnakda ýumuş bilen çykyş edende, «Durmuş we wagyz» okuw depderindäki gürrüňdeşlik üçin teklibi sahnalaşdyrmaly. Ýöne anyk görkezme berilmese, tema degişli soragy, aýady we ideg üçin soragy ýerli ýagdaýa görä üýtgedip biler. Şol sebäpli indi 2020-nji ýylyň iýun aýynda çykan okuw depderiniň 8-nji sahypasynda berlen görkezmä eýermek gerek däl.