MESIHÇILERIŇ DURMUŞY | TÄZE GULLUK ÝYLY ÜÇIN MAKSATLAR
Wagyzçylaryň az ýerine göçmek
Başga ýere göçüp, Ýehowa köpräk gulluk etmek üçin berk iman gerek (Ýew 11:8—10). Sizem wagyzçylaryň az ýerine göçmek hakda oýlanýan bolsaňyz, ýygnak ýaşulularyňyz bilen maslahatlaşyň. Maksadyňyza ýetmek üçin «ýedi ölçäp bir kesiň». Wagyzçylaryň ýetmeýän ýerinde gulluk etmek baradaky makalalary okaň. Şeýle maksada ýeten dogan-uýalar bilen gürrüňdeş boluň (Nak 15:22). Doga edip, Ýehowadan görkezme soraň (Ýak 1:5). Göçmek isleýän ýeriňiz hakda köpräk biliň. Mümkinçiligiňiz bolsa, ol ýere birnäçe günlük baryp görüň.
«KÖPRÄK GULLUK EDIP, IMANYŇYZY GÖRKEZIŇ. KÖMEK GEREK ÝERE GÖÇÜŇ» DIÝEN WIDEONY GÖRÜP, ŞU SORAGA JOGAP BERIŇ:
-
Gabriýele köpräk gulluk etmäge näme päsgel berýärdi we oňa näme kömek etdi?