MESIHÇILERIŇ DURMUŞY
Ýehowanyň dogalaryňyza jogap berişini görýärsiňizmi?
Mukaddes Kitapda Ýehowanyň köp adamlaryň doga-dileglerine jogap berendigi hakda ýazylan. Gadymy döwürde hudaýhon adamlar Ýehowanyň dogalaryny eşidip, kömek edişini görende, imany hasam berkedi. Sizem Hudaýa doga edeniňizde, gaýgy-aladalaryňyzy ýekän-ýekän gürrüň beriň. Soňra Ýehowanyň dogalaryňyza jogap berişini görjek boluň. Käte ol bize isleýşimiz ýaly jogap bermezligi mümkin, käte bolsa garaşanymyzdanam has köp zady berip biler (2Kr 12:7—9; Efs 3:20). Ýehowa dogalarymyza nädip jogap berýär?
-
Kynçylyklarda ruhdan düşmezlige, çydamly we berk imanly bolmaga kömek edýär (Flp 4:13)
-
Dogry karara geler ýaly akyldarlyk berýär (Ýak 1:5)
-
Özüne gulluk etmäge isleg hem güýç berýär (Flp 2:13)
-
Howsala düşenimizde ýüregimize giňlik berýär (Flp 4:6, 7)
-
Dogan-uýalar arkaly goldaýar (1Ýh 3:17, 18)
«ÝEHOWA „DOGALARY EŞIDÝÄN HUDAÝ“» DIÝEN WIDEONY GÖRÜP, ŞU SORAGLARA JOGAP BERIŇ:
-
Şimizu dogan saglygy sebäpli köp zat edip bilmese-de, dogan-uýalara nädip kömek edýär?
-
Biz Şimizu dogandan näme öwrenip bileris?