Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

MESIHÇILERIŇ DURMUŞY

Maşgalaňyzyň bagtly bolmagyna goşant goşuň

Maşgalaňyzyň bagtly bolmagyna goşant goşuň

Ýehowa her bir maşgalanyň bagtly bolmagyny isleýär (Zb 127:3—5; Nes 9:9; 11:9). Emma duş gelýän kynçylyklarymyz ýa-da maşgala agzalarymyzyň goýberýän ýalňyşlyklary şatlanmaga päsgel berip biler. Biziň her birimiz maşgalamyzyň bagtly bolmagy üçin näme edip bileris?

Maşgalabaşylar, aýalyňyza ýürekden hormat goýuň (1Pe 3:7). Söwer ýaryňyza köpräk üns beriň. Aýalyňyzyň ýagdaýyna düşünjek boluň we edýän işleri üçin minnetdarlyk bildiriň (Kol 3:15). Aýalyňyza öwgüli sözleri aýdyp duruň (Nak 31:28, 31).

Aýallar, äriňizi ýürekden goldaň (Nak 31:12). Ýanýoldaşyňyza tabyn bolup, ähli zatda maslahatlaşyň (Kol 3:18). Onuň bilen mähirli gepleşiň, başgalaryň ýanynda-da ýamanlamaň (Nak 31:26).

Ene-atalar, çagalaryňyz bilen gürrüňdeş bolmaga wagt tapyň (5Ms 6:6, 7). Mähriban çagalaryňyza gowy görýändigiňizi aýdyp duruň (Mat 3:17). Olara temmi bereniňizde-de, muny söýgi bilen ediň we paýhasly boluň (Efs 6:4).

Çagalar, ene-ataňyza hormat goýuň we gulak asyň (Nak 23:22). Olardan pikiriňizi, duýgularyňyzy gizlemäň. Ene-ataňyzy sylap, berýän terbiýesini kabul ediň (Nak 19:20).

«MAŞGALAŇYZY BAGTLY EDIŇ» DIÝEN WIDEONY GÖRÜP, ŞU SORAGA JOGAP BERIŇ:

• Maşgalasynyň bagtly bolmagy üçin her kim öz tarapyndan näme etdi?