Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

MESIHÇILERIŇ DURMUŞY

Hudaýyň Patyşalygy barada wagyz etmek üçin sentýabrda geçiriljek ýörite kampaniýa

Hudaýyň Patyşalygy barada wagyz etmek üçin sentýabrda geçiriljek ýörite kampaniýa

Adamlaryň ähli kynçylyklaryny diňe Hudaýyň Patyşalygy aýryp bilýär. Şol sebäpli sentýabr aýynda Patyşalyk barada köpräk wagyz etmek üçin ýörite kampaniýa geçiriler (Mat 24:14). Siz kampaniýa döwri nädip wagyz edip bilersiňiz? Köpräk adama Hudaýyň Patyşalygy baradaky aýatlary okap beriň. Eger adam gyzyklansa, «Hudaýyň Patyşalygy barada eşitdiňizmi?» atly žurnaly beriň (wp20 No. 2). Soňra mümkin boldugyndan tizden-tiz gaýtadan ideg ediň we «Ebedi ýaşaň!» broşýurasyndan okuwa başlaň. Şol aý kömekçi pioner bolup gulluk etmek isleýänler 15 ýa 30 sagat tabşyryp bilýärler.

Tizden Hudaýyň Patyşalygy garşy çykýan hökümetleriň ählisini ýok eder (Dan 2:44; 1Kr 15:24, 25). Geliň, ýörite kampaniýa yhlasly gatnaşyp, Ýehowanyň Patyşalygyna wepalydygymyzy subut edeliň!