Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

MESIHÇILERIŇ DURMUŞY

Täze gulluk ýyly üçin nähili maksat goýduňyz?

Täze gulluk ýyly üçin nähili maksat goýduňyz?

Biz bar güýjümiz bilen gulluk edip, Ýehowany begendirmek isleýäris. Munuň üçin biz öňümizde maksat goýmaly we oňa ýetmäge jan etmeli. Goýan maksadymyza ýetmek üçin wagtymyzy hem güýjümizi gaýgyrmasak, ruhy taýdan ösüş ederis (1Tm 4:15). Ýagdaýymyzyň üýtgäp durýandygy üçin, wagtal-wagtal maksatlarymyz hakda oýlanmaly. Belki, öň goýan maksadymyza indi ýetmäge mümkinçiligimiz ýokdur ýa-da eýýäm ýetendiris. Şonuň üçin başga maksat goýup bileris.

Tizden täze gulluk ýyly başlaýar. Häzir maksat goýmagyň tüýs wagty. Goýup biljek maksatlaryňyz barada maşgala okuwynda gürrüňdeş boluň.

Aşakdakylar babatda nähili maksat goýup bilersiňiz we oňa ýetmek üçin nähili ädimleri ädersiňiz?

Mukaddes Kitaby okamak, şahsy okuwyny geçirmek, ýygnaklara gatnaşmak we jogap bermek (w16.09 sah. 27, abz. 17).

Wagyz etmek (w23.05 sah. 27, abz. 4, 5).

Gowy häsiýetleri ösdürmek (w22.04 sah. 23, abz. 5, 6).

Şeýle-de: